Çagalary goramagyň halkara güni

Şu gün Türkmenistan Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär Şu gün bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär. Bu baýramçylyk milli senenamamyzyň resmi sanawyna goşuldy.

Poliomielit ýiti wirus keseli bolup, ol nerw ulgamyny zaýalaýar

Poliomielite garşy waksinasiýa geçirilýär Şu günler Türkmenistanyň ähli ýerlerinde poliomielit keseline garşy waksinasiýa çäreleri giň gerim bilen alnyp barylýar. Ýerli poliklinikalaryň lukmanlary ilatyň arasynda poliomielit keseliniň howpy barada wagyz-nesihat çärelerini geçirmek bilen, ene-atalara çagalaryny hökmany suratda bu keseliň garşysyna sanjym etdirmeklerini maslahat berýärler.

Dünýä ýüzünde ekerançylykda ulanmaklyga niýetlenen kämil enjamlary

Ö.Jumadurdyýew Taslamanyň Sakarçäge etraby boýunça ýerli ýolbaşçysy Topragyň önümliligini artdyrmagyň usullary Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, Dünýä ekologik gaznasynyň we Germaniýanyň tehniki hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň bilelikdäki “Ýer baýlyklaryny durnukly dolandyrmak üçin ýerlerde mümkinçilikleri döretmek we maliýeleşdirmek” taslamasynyň maksady ýerden peýdalanýanlaryň bilimlerini ýokarlandyrmak bilen utgaşykly tehniki çareleri önümçilige ornaşdyrmakdyr.

Çaga dogurmagy niýet edinen bolsaňyz haýsy barlaglardan geçmeli?

SAGDYN ENE – SAGDYN ÇAGA

Gök ça­ýyň gö­ze hem peý­da­ly­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy

Gök çaý gö­ze şypaly Hä­zir­ki wag­ta çen­li gök ça­ýyň adam be­de­ni­niň im­mu­ni­te­ti­ni art­dyr­mak­da peý­da­sy­nyň bar­dy­gy bi­lin­ýär­di. Go­laý­da ge­çi­ri­len bir bar­la­gyň ne­ti­je­si­ne gö­rä, gök ça­ýyň gö­ze hem peý­da­ly­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. “The Te­leg­raph” ga­ze­ti­niň ha­ba­ry­na gö­rä, Gon­kong Hy­taý uni­wer­si­te­ti­niň göz has­sa­ha­na­sy­nyň hü­när­men­le­ri­niň ge­çi­ren bar­lag­la­ry kä­bir göz ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­ma­ga ne­pi deg­ýän­di­gi mä­lim edil­ýär.

Çi­lim­keş­le­riň ze­hin de­re­je­si­niň has pes­li­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy

Çi­lim ak­la-da tä­sir ed­ýär Çi­lim çek­me­giň di­ňe bir öý­ke­ne däl-de, eý­sem-de bol­sa, be­de­ni­mi­ziň tas hem­me sy­na­sy­na di­ýen ýa­ly er­bet tä­sir ed­ýän­di­gi eý­ýäm alym­lar ta­ra­pyn­dan anyk­la­nyl­dy. Esa­sa­nam, öý­ken we ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­ne se­bäp bol­ýan çi­li­miň ada­myň ak­ly­ny hem pe­se ga­çyr­ýan­dy­gy mä­lim edil­di.

Halkara Gyzyl Haç Komiteti , Merkezi Aziýada we Türkmenstanda

Gyzyl Haç Komiteti Aşgabada teklip hödürleýär Halkara Gyzyl Haç Komiteti bütin dünýä boýunça iş alyp barýan we esasanam türme we türmelerde saklanýan adamlar bilen bagly alada edýän abraýly halkara guramalardan biri. Bu guramanyň mandatlarynyň arasynda türmelere baryp, şol ýerdäki tussaglaryň ýagdaýlaryndan habar tutmak we olara arka çykmak ýaly maddalar hem bar.

Ýaş çagalaryň ölümine esasan pnewmoniýa, ýagny öýken çişmesi keseli sebäp bolýar

Çagalaryň ölümine näme sebäp bolýar? Altyn Amandurdy gyzy Bütindünýa Saglyk Guramasynyň ýakynda ýaýradan maglumatynda her ýylda bäş ýaşyna ýetmänkä ýogalýan takmynan 9 million çaganyň 68%-niň ölümine öýken çişmesi, içgeçme, gyzzyrma ýaly keselleriň sebäp bolýandygy aýdylýar.

Raff­le­sia at­ly gül dün­ýä­niň iň uly gü­li

Dün­ýä­niň iň uly gü­li In­do­ne­zi­ýa­nyň to­kaý­lyk­la­ryn­da ýe­tiş­ýän “Raff­le­sia” at­ly gül dün­ýä­niň iň uly gü­li ha­sap­lan­ýar. Onuň aç­ýan gü­lü­niň dia­met­ri 1 met­re go­laý­la­ýar. Iki hep­de­lik öm­ri bo­lan bu gül­ler dün­ýä­de di­ňe In­do­ne­zi­ýa­nyň Su­mat­ra we Bor­neo Ada­la­ry hem-de Gü­nor­ta Taý­land­da­ky “Khao Sok” go­rag­ha­na­syn­da ýe­tiş­ýär. Bir hep­de­de gül­le­ýän gül ikin­ji hep­de­de sol­ýar. Gü­lü­niň agyr­ly­gy bol­sa 11 ki­log­ra­ma çen­li [...]

Ýat­keş­li­giň we aň­la­ýyş uky­by­nyň kä­mil­leş­me­gi

Ar­tyk­maç ýat­keş­li­giň syr­la­ry Yn­san beý­ni­si­niň ukyp­la­ry­nyň kä­mil­leş­me­gi ba­ra­da alym­lar bir­nä­çe ýyl bä­ri gy­zyk­lan­ýar­lar, yl­my-der­ňew iş­le­ri­ni ge­çir­ýär­ler. Gar­ward uni­wer­si­te­ti­niň neý­ro­fi­zio­lo­gi­ýa ug­ry bo­ýun­ça yl­my iş alyp bar­ýan alym­la­ry “Ýat­keş­li­giň we aň­la­ýyş uky­by­nyň kä­mil­leş­me­gi” at­ly se­mi­nar­da ýat­keş­li­giň syr­la­ry­ny mä­lim et­di­ler. Ýat­keş­li­giň göz öňü­mi­ze gel­me­jek de­re­je­de kä­mil­leş­me­gi üçin şu aşak­da­ky­la­ryň ze­rur­lyk­la­ryň bar­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­tap geç­di­ler:

Çilim çekmek! Hawa ýa-da ýok?! Özüňiň çözüň!

ÇILIMKEŞLIK «Kuwwatyň kemelder, güýjüň azdyrar, Keýpi kellä gelse, aklyň azdyrar, Süňgüňi syzdyrar, etiň gyzdyrar, Bir nyşana budur sende, çilimkeş» Magtymguly

Bagt­ly pur­sat­la­ry duý­ma­gy ba­şa­ryň!

Pa­ra­hat Sa­pa­row Bagtly bolmagyň bäş şerti Dur­muş­da bagt­ly bol­mak­lyk on­dan çu­wal do­lu­sy zat al­mak däl-de, yzyň­da gi­den bir har­man gal­dy­ryp bil­mek­lik­dir. Bagt­ly bol­mak üçin dur­mu­şyň sa­ňa be­ren nyg­ma­tyn­dan has kän­rä­gi­ni oňa gaý­tar­mak ze­rur­dyr. Dün­ýä dö­rä­li bä­ri yn­san og­lu­nyň iň uly ar­zu­wy bagt­ly bol­mak­dyr. Hat­da iň bir ýag­şy di­leg­le­riň, iň aja­ýyp söz­le­riň, iň go­wy gut­lag­la­ryň, iň [...]

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça Baýramaly şypahanasynyň esasy binasynyň durky düýpli täzelendi

Baýramalydaky şypahananyň durky täzelendi 5-nji maýda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýerleşýän şypahananyň durky täzelenen binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýurduň prezidentini welaýatyň ýaşululary hem-de medisina ulgamynyň işgärleri uly şowhun-şagalaň bilen garşyladylar.

Follow

Get every new post delivered to your Inbox.