Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty

turkmenTürкmеn döwlet ulаg wе аrаgаtnаşyк instituty 1992- ýylda döredildi.
Türkmen döwlet ulаg wе аrаgаtnаşyк instituty — Watanymyzyň ähli ulaglar we aragatnaşyk ulgamy üçin ýokary bilimli hünarmentleri taýýarlanýan merkezidir. Talyplara hünar bermage 12 kafedra gatnaşyar. Institutyň 4 fakultetinde 1350-ä golaý talyp okaýar. Institutyň kafedralarynda 140-dan gowrak mugallymlar zähmet çekýärler, olaryň 8-si ylymlaryň doktory we professorlar, 28-si ylymlaryň kandidaty we dosentler. Talyplar bilen sapak geçirmeklige ministrlikleriň, müdirlikleriň we ylmy-barlag institutlarynyň alymlary we hünarmenleri hem gatnaşýarlar. 1997-nji ýyldan bäri institutyň demir ýol, aragatnaşyk, ulag gurluşygy we ykdysadýet fakultetinde Türkmenistanyň demir ỳol ministrliginde işlemek üçin orta bilimli hünärmenleri hem taýýarlanylýar.

 

Тürkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň hemişelik atalyk aladasy bilen institutyň okuw we material-tehniki bazasy yyl-yyldan berkeýär. Sapaklar täze enjamlar we abzallar bilen üpjin edilen laboratoriýalarda we kabinetlerde geşirilýär.
Ylmy ugurlar

Institutyň alymlary tarapyndan alnyp barylýan ylmy-barlag işleri ulag we aragatnaşyk sistemasynda tehniki progresi çaltlandyrmaga, dürli konstruksiýalaryň, desgalaryň tygşytlylygyny we ygtybarlygyny ýokarlandyrmaga, gün energiýasyny ulanmaga, bazar gatnaşyklary şertlerinde hojalyk strukturalaryň has peýdaly mehanizmlerini işläp düzmeklige, tebigy sredanyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaklyga gönükdirlendir. Barlaglaryň belli bir bölegi ýokary okuw jaýlarynda okuwyň guralyşyny we planlaşdyrylyşyny kämilleşdirmek meseleleri, ýaşlary Watany söymek ruhunda terbiýelemek bilen baglanşyklydyr.

Salgysy
Aşgabat şäheri, Oguz-han 13

About these ads

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

Follow

Get every new post delivered to your Inbox.

%d bloggers like this: